744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.10.2024
USAID-iň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anžali Kauryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin we milli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady ösüş, metan zyňyndylaryny azaltmak, logistika, durmuş ulgamy, Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly USAID-iň üsti bilen tehniki goldaw bermek we beýleki ugurlarynda özara gatnaşyklaryň geljegine aýratyn üns berildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi