Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan gyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, konserniň “Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna, olardan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilýär. Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanmak, enjamlardan talabalaýyk peýdalanmak maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini gyş möwsüminde tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmegiň möhüm bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň gyş möwsümine doly taýýarlyk görmelidigini, tebigy gazyň sarp edilişine, howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligiň ýola goýulmalydygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.