744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
03.02.2025
Daşoguz welaýatynyň oba sebitlerini gazlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň oba sebitlerini gazlandyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. 2024-nji ýylda olar dürli basyşdaky täze gaz geçirijileriniň 60 kilometrini gurdular.

Geçen ýylda amala aşyrylan taslamalaryň hatarynda Boldumsaz etrabynyň «Ak Altyn» obasynda iki kilometre golaý uzynlyga eýe bolan orta basyşly gaz geçirijisiniň gurluşygy bar.

Milli özgertmeler maksatnamasynyň çäginde gurlan täze gaz geçirijileri oba ýerlerini gazlandyrmak üçin niýetlenendir. «Ak Altyn» obasyndan başga-da, Şawat, Akdepe we Görogly etraplarynda hem dürli uzynlyklary bolan gaz geçirijileri guruldy.

Bu çäreler netijesinde gazyň netijeli we yzygiderli üpjünçiligi ýola goýulýar, gaz aragatnaşyk ulgamynyň ygtybarlylygy we netijeliligi ýokarlandyrylýar.

Daşoguz welaýatynda gaz kommunikasiýalarynyň ösen ulgamy guruldy. Ol ýerli ilatyň tebigy gaza bolan islegini doly kanagatlandyrýar. Şular ýaly desgalaryň sany ýylyň-ýylyna artýar.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek we enjamlaryň ýagdaýyny gorap saklamak işleri hem wagtly-wagtynda geçirilýär.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazedi