29-30-njy aprelde Aşgabatda “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi"atly halkara maslahaty geçiriler. Forum standartlaşdyrmak, önümiň we hyzmatyň hilini üpjün etmek bilen bagly açyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralaryň, işewürleriň, halkara guramalaryň wekillerini we bilermenleri birleşdirer.
Maslahatyň çäginde türkmen önüm öndürijileriniň önüminiň, hyzmat ulgamynyň hilini halkara ülňülerine laýyklykda ýokarlandyrmak bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşylar. Çäre türkmen ykdysadyýetini dünýä bazarlaryna ilerletmek we onuň ornuny berkitmäge ýardam bermeklige gönükdirilendir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän maslahat harytlaryň we hyzmatlaryň hilini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümligini nygtaýar.
Maslahatyň çäklerinde şahadatnamalaşdyryş ulgamynda iň täze tehnologiýalaryň sergisi geçiriler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti