744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
11.09.2025
Türkmenistanyň Daşary işler ministri MAÖADSM-nyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabatda 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň we MAÖADSM-iň arasyndaky, hususan-da, ýakynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerde esasy üns BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna gönükdirildi. Olaryň köpüsiniň Merkeziň mandatyna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurlar boýunça MAÖADSM bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi