744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
02.10.2025
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Katarda kabul edişlik geçirildi

Doha şäherindäki “Sheraton Grand Doha” myhmanhanasynda 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri we ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylyp, onuň Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň tassyknamasy bolup çykyş edýändigi bellenildi.

Çäräniň çäklerinde wideoýazgy görkezilip, türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de myhmanlara milli tagamlar hödürlendi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministligi