Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus Lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi. “Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda nygtady.
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.