Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji dekabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Ilham Aliýew türkmen tarapyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Söhbetdeşlikde Awazada geçirilen halkara maslahata Leýla Aliýewanyň gatnaşmagy we iki ýurduň haýyr-sahawat gaznalarynyň arasynda Ähtnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginde Azerbaýjanyň möhüm orun eýeländigini nygtap, doganlyk goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Geýdar Aliýewiň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda bitiren hyzmatlaryny hem bellediler.