744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
Halkara parahatçylyk
we Ynanyşmak ýyly
12.12.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Baştutany bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz Özbegistanyň Prezidentiniň foruma gatnaşmagynyň özbek tarapynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna goldawynyň aýdyň güwäsidigini belledi. Şawkat Mirziýoýew hem Türkmenistandaky baýramçylyk forumynyň parahatçylygy pugtalandyrmak arkaly sebitde möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentini Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini nygtadylar. Şeýle hem ýakynda bolan döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berendigi bellenildi.

Söhbetdeşlikde söwda dolanyşygyny artdyrmak, bilelikdäki taslamalar we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýokary derejedäki hoşniýetli gatnaşyklaryň giňelýändigini, iki ýurduň BMG, GDA we TDG ýaly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti