744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.02.2026
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji fewralda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Hökümet mejlisinde ilki milli parlamentiň ýolbaşçysy çykyş etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa döwletiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda türkmen wekiliýetiniň 23-24-nji fewralda Gruziýa amala aşyran saparynyň netijeleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň nyşanlaryny, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ykdysadyýetiň degişli pu­daklaryny mundan beýläk­-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çä­reler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýe­tirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak­ çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, ýurdumyzyň dürl­i ulgamlarynda, öňde boljak ­çäreler, pudaklary mu­ndan beýläk-de ösdürm­ek ugrundaky wezipele­r bilen baglylykda barad­a d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, halkara standartlar boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanan teklibi goldady we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gowaça ekiljek ýerlerde degişli agrotehniki işleri öz wagtynda geçirmek, paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri bilen bagly abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek barada hem tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli wise-premýere Halkara zenanlar güni mynasybetli çärelere, şol sanda medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek baýramçylyk konsertine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

“Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek Hökümet mejlisinde möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi.

Wise-premýer B.Annaýewiň halkara ulag gatnawlarynda sürüjileriň iş we dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi makullanyp, degişli işleri geçirmek barada tabşyryk berildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi we Halkara zenanlar güni mynasybetli bu hormatly ady dakmak, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi