Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 16-njy martda geçirilen söwdalaşyklarda hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine uly isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri “Türkmengaz” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy, BAE-niň işewürleri bolsa “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we “SN-350” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “SN-180” kysymly başlangyç ýagyny we “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 24 million 531 müň manatdan gowrak we 1 million 277 müň 680 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.