Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy martda wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara, ählihalk bag ekmek çäresine welaýatlarda taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri, Milli bahar baýramyna, ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk bilen baglylykda häkimlere anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagy durnukly ösdürmäge hem ýardam berýändigini belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil, geriş çekmek, Daşoguz welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ideg işlerini ýokary hilli geçirmek, Daşoguz welaýatynda bu ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak, ýazky bag ekmek möwsümine, ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda hem tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.