744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
18.03.2026
Birža söwdalarynda nebitgaz pudagynyň önümi içerki bazarda satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 17-nji martda geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümi içerki bazarda ýerlenildi.

Has takygy, içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden Tip I-Soekstrudirlenen gaplama örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda bolsa Gyrgyzystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewürleri Türkmenistanyň işewürlerinden dokma önümlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 million 720 müň manada we 138 müň amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy