Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň edara-kärhanalary, önümçilik pudaklary ýokary ruhubelentlikde zähmet çekip, meýilnamalaryna üstünlikli amal edýärler. Olaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen iki aýynda gazanan zähmet netijeleri hem muňa doly güwä geçýär. Guwandyryjy netijelere eýe bolýan kärhanalaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem bar.
Döwletli Diýarymyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän bu iri zawodlar toplumy ýurdumyzda benzin önümçiliginiň artdyrylmagynda-da möhüm orny eýeleýär. Onda ýokary hilli nebit we nebit önümleri, şol sanda benzin hem öndürilýär. Bu ýerde geçen iki aýyň dowamynda dürli görnüşli benziniň 253 müň 800 tonnasy öndürildi. Şeýlelikde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhana boýunça benzin öndürmek babatdaky ösüş 115,1 göterime barabar boldy.
Ýeri gelende ýatladyp geçsek, şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,7 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň berjaý edilişi 107,1 göterime deň boldy.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti