Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji martda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Pekine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny, parlamentara hyzmatdaşlygyň, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini, bu ugurda özara saparlaryň yzygiderli guralýandygyny belläp, munuň hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady. Hormatly Arkadagymyz ýakynda geçirilen Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlaryň kabul edilendigine ünsi çekip, olaryň Türkmenistanyň “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyçlary bilen many-mazmun taýdan gabat gelýändigini aýtdy. Şeýle hem bu ählumumy başlangyçlaryň ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we milli medeni mirasymyzy dünýäde giňden ýaýmak boýunça tagallalary bilen utgaşýandygy bellenildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Şunda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň bilim alýandygy, 2025-nji ýylyň awgustynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Sun Sinlin adyndaky gaznanyň hem-de dostlukly ýurduň bilim ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky Ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine barlyp görlendigi anyk mysallar hökmünde görkezildi.
Türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynda energetika hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy binýady bolup durýar. Häzirki döwrüň ägirt uly inženerçilik desgasy bolan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi dostlukly ýurda ekologik taýdan arassa ýangyjyň durnukly eksportyny üpjün edýär. Bu taslama diňe bir Hytaýyň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagynyň çäklerinde ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösüş depgini bilen tapawutlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe sagatdan soňra, Pekiniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Şoudu” Halkara howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-iň we ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary dowam edýär. Bu sapar gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.