Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 18-nji martda geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebit önümleri daşarky bazarda satyn alyndy.
Has takygy, daşarky bazarda Owganystanyň, Gruziýanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Şeýle-de Azerbaýjanyň we BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 779 müň 710 amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.