744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.03.2026
Türkmenistan Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýär

HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde, 18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.

Duşuşykdan öň “CNPC-niň” ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy korporasiýanyň wekilleri bilen tanyşdyrdy. Soňra bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” möhüm ornuna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şunda “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşygyň wajyp ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş ornunyň döredilendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly ornuny nygtap, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Daý Houlýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi