744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
19.03.2026
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa wezipä girişen güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gahryman Arkadagymyz hatynda hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýär.

"Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar döreýär, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş merkezleri, iri senagat kärhanalary gurulýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany bolan taryhy ähmiýetli işler paýtagtymyzyň we welaýatlaryň barha özgermegine oňyn täsir etmek bilen, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar" diýip, Milli Liderimiz hatynda nygtaýar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda eziz Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýar. 2022-nji ýylyň martynda aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary türkmenistanlylaryň döwletimiziň ykbaly üçin ýokary jogapkärçiligine düşünýändigini, jemgyýetimizde gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu möhüm waka Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň ýyl ýazgysyna ägirt uly üstünliklere beslenen täze tapgyryň başlangyjy hökmünde ýazyldy. Bu günki gün Türkmenistan saýlap alan oňyn döwlet syýasatyna üýtgewsiz eýermek bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar.

"Siziň nygtaýşyňyz ýaly, biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň netijesidir. Siziň ýadawsyz, yhlasly we tutanýerli iş alyp barmakda görkezýän nusgalyk göreldäňizden ruhlanýan watandaşlarymyz agzybirlikde, jebislikde döredijilikli zähmet çekýärler, amala aşyrylýan düýpli özgertmelere gönüden-göni dahyllydyklaryny duýup, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar" diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda aýdýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi