744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.03.2026
Daşary ýurtly telekeçiler Türkmenistandan nebitgaz senagatynyň önümlerini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 19-njy martda geçirilen söwdalaşyklarda, esasan, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine isleg bildirilip, olar daşarky bazarda ýerlenildi.

Hususan-da, daşarky bazarda Gruziýanyň we BAE-niň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni satyn aldylar. Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 11,5 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy