19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk sapary tamamlandy. Saparynyň jemleýji gününde Gahryman Arkadagymyz “Equuleus” halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Hytaý tarapynyň wekilleri Milli Liderimizi toplum bilen tanyşdyrdylar.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra sazandalaryň çykyşlaryna tomaşa edip, minnetdarlyk bildirdi we olary ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň keşbi şekillendirilen halyny synlady. Soňra bu ýerde atlaryň gezim etdirilişi we hytaý tohum itleri görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumda atlaryň çykyşlaryna tomaşa etdi. Tanyşlygyň dowamynda hytaý tarapynyň wekilleri toplumyň sport atlaryny taýýarlamak we halkara ýaryşlary guramak boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde ahalteke atlaryny synlady. Toplumyň hünärmenleri Hytaýda ahalteke tohum atlaryny idetmek işiniň türkmen seýisçilik däplerini we usullaryny utgaşdyrmak arkaly alnyp barylýandygyny aýtdylar.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň dolandyryş binasynda ýaýbaňlandyrylan sungat eserleriniň sergisini hem synlady. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini sentýabr aýynda guraljak baýramçylyk dabaralarynyň hormatly myhmany bolmaga çagyrdy.
Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofengiň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşenden soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, Milli Liderimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.