744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.03.2026
Geljekki nebitgaz pudagynyň hünärmenleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň laboratoriýalarynda bilimlerini berkitdiler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň mugallymlary hem-de nebitiň we gazyň geologiýasy hünäriniň, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi taýýarlyk ugrunyň talyplary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň «Gatlak fizikasy» we «Buraw erginleri» laboratoriýalarynda göçme okuw sapagyny geçdiler.

Göçme okuw sapagynyň dowamynda laboratoriýanyň hünärmenleri talyplara nebitgaz meýdançalaryndan alnan kern nusgalyklarynyň mineral düzümlerini, litologiýasyny, petrografiýasyny we fiziki häsiýetlerini hem-de buraw ergininiň gatlak şertlerindäki häsiýetlerini giňişleýin düşündirdiler.