744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.03.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji martda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, öňde boljak­ çärelere görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, d­egişli ýolbaşçylara a­nyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz garamagyna hödürlenen teklipleri makullady we degişli resminamalara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz şol sanda Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek baradaky Karara hem gol çekdi.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl dolýandygyny belledi. “Haýyr-sahawat gaznasy döredilen wagtyndan bäri abraýly halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, käbir halkara guramalaryň wekillerini Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzy, ähli halkymyzy gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen gutlady.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi