744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
30.03.2026
Halk Maslahatynyň Başlygy haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji martda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.

Mejlise gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy hem-de Arkadag şäheriniň häkimi gatnaşdylar. Onuň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri, ýetilen sepgitler barada hasabatlar diňlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hasabatynda belleýşi ýaly, gazna döredilen gününden bäri, 5 ýylyň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň 758-sine operasiýalar geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde şu güne çenli 2 müň 467 çaga döwrebap sagaldyş-dikeldiş bejergisini aldy, merkezde innowasion tehnologiýalaryň ýerli tebigy serişdeler bilen utgaşykly ulanylmagy arkaly toplumlaýyn dikeldiş bejergisi ýola goýuldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti R.Bazarowa gaznanyň hojalyk işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýöretmek, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny, onuň depgininiň güýçlendirilmelidigini we öz wagtynda ulanmaga berilmelidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa birnäçe görkezmeleri berdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy Ý.Orazowa gaznanyň işini talabalaýyk utgaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň doly derejede, talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy, onuň işine häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda möhüm tabşyryklar berildi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa gaznanyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň işini sazlaşykly guramak, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur işleri amala aşyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin gönükdirilýän mukdarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy, bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa ýüzlenip, ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek ýaly işleri baş ýörelge edinýän gaznanyň işiniň ygtybarly kanunçylyk binýadynyň berkidilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gaznanyň media habarlar wekili A.Jepbarowa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden wagyz etmek, bu babatda degişli düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, asylly işleri halkara giňişlikde wagyz etmek barada degişli tabşyryklar berildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi