Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 30-njy martda geçirilen söwdalaşyklarda hem ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine köp isleg bildirildi.
Has takygy, daşarky bazarda “Türkmennebit” döwlet konserninden Gruziýanyň we Owganystanyň telekeçileri “TPP D3820 BF” kysymly polipropileni, BAE-niň işewürleri bolsa “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-350” we “SN-600” kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Olar şeýle hem “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginden 1-nji hilli bugdaý ununy, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny (SŽK) we Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 34 million 229 müň manada we 1 million 278 müň amerikan dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.