Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy martda oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Ilki häkimler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň, bugdaýa we ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkimlere bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew hem ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekip, ministre ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, ýazlyk gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.