744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
31.03.2026
Seýdidäki zawodda ýylyň başyndan bäri 100 müň tonna golaý nebit gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň başyndan bäri nebitiň 96 müň 800 tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu çig maldan öndürilen önümiň 44 müň 100 tonnasynyň dürli oktan belgili benzin bolmagy we onuň sarp edijilere ugradylmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu gymmatly önümi öndürmek boýunça ösüş depgini 102,1 göterime deň boldy.

Kärhanada şu ýylyň başyndan bäri dizel ýangyjynyň 24 müň tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem artygy bilen amal edildi. Şunda önüm öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime barabar boldy.

Suwuklandyrylan uglewodorod gazynyň 15,9 müň tonnasynyň öndürilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 müň tonna suwuklandyrylan gazyň artyk öndürilendigini, ösüş depgininiň hem 2,6 esse artandygyny aňladýar. Garalýan döwürde kärhanada nebit bitumynyň 4 müň 100 tonnasynyň öndürilendigini hem bellemek gerek.

Mahlasy, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine, uglewodorod serişdelerinden alynýan, dünýä bazarlarynda islegli harytlaryň öndürilmegine uly goşant goşýan iri senagat kärhanalarynyň biridir. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kuwwatly kärhanada möhüm taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy, maýa goýum serişdeleriniň hasabyna onuň durky düýpli täzelendi. Bu bolsa önümçiligiň möçberiniň we hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna ýardam berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti