Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Bütindünýä saglyk güni jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Onuň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar.
"Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr" diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda nygtaýar.