Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Gahryman Arkadagymyz onda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.
"Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge uly ýardam berýär, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň, dürli sport bäsleşikleriniň, welosipedli ýörişleriň guralmagy, şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler Siziň halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň aýdyň mysallarydyr" diýip, Milli Liderimiz hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda belleýär.
Gutlagda beýan edilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini, Stomatologiýa merkezini, «Arçman» şypahanasynyň 400 orunlyk täze binalar toplumyny ulanmaga bermek bilen bagly düýpli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy bolsa Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işlere we gazanylýan üstünliklere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nyşanydyr.