Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji aprelde geçirilen söwdalaşyklarda daşarky bazarda Owganystanyň işewürleri ýurdumyzdan “ECO 93” kysymly ulag benzinini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň telekeçileri ýurdumyzyň telekeçilerinden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda bolsa ýurdumyzyň işewürleri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügi we dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 15 million 446 müň manada we 54 million 142 müň amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.