744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
08.04.2026
Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenildi. Aşgabatda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde sport diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Paýtagtymyzda sport çäresine gatnaşyjylar ir bilen welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanynda ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Ýygnananlaryň arasynda welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri hem bar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, hemmeler Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen sazlaşykly herekete başladylar. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy.

Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolmak bilen, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.

Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Arkadag şäherinde, ähli welaýatlarynda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. «Tegelek stol» duşuşyklary, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Olar bilim alýan ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi