7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşligiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň dialogyny, demografiýa meseleleri boýunça maslahaty, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ugry boýunça ýokary derejeli çäräni geçirmek başlangyjyny goldandygy üçin Walentina Matwiýenko hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, bu möhüm çäreleriň GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrar.
Milli Liderimiz türkmen we rus dillerini öwrenmek, medeni mirasy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde hem amatly şertleri döretmek babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer gün tertibini mundan beýläk-de bilelikde ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.
Gahryman Arkadagymyz Russiýada türkmen diline, edebiýatyna, sungatyna aýawly çemeleşilýändigi we olaryň wagyz edilmegine berilýän goldawlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de öz gezeginde, türkmen tarapynyň Türkmen-rus uniwersitetini döretmek, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky drama teatrynyň täze binasynyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak ýaly ulgamda bilelikdäki taslamalary dowam etdirjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.