«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2026 — 2027-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 17-nji aprelinde hem-de 15-nji maýynda sagat 13:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bu çärede mekdebiň taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de talyplaryň okamagy, ýaşamagy, medeniýetli dynç almagy, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen ähli şertler barada giňişleýin maglumat berler. Orta hünär okuw mekdebi barada maglumatlar bilen www.mnohom.edu.tm saýtynda tanşyp bilersiňiz.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Kemine köçesiniň 33-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (522) 4-66-65
Web saýty: mnohom.edu.tm