744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.04.2026
Türkmenistanda täze şäherçäniň düýbi tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji aprelde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerindäki ýörite gurnalan mejlisler zalynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder.

“Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller hem görkezildi. Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi we bu ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy hem berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, täze şäherçe 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurlar.

 

Çeşme: Türkmmenistanyň Döwlet habarlar agentligi