Dünýäniň energetika senagatynda tebigy gaz iň ýokary islege eýe bolan çig maldyr. Bu «mawy ýangyjyň» birnäçe artykmaçlygy bilen baglydyr. Ilki bilen bellenilmeli zat energiýa çeşmesi tebigy gazyň beýleki ýangyçlaryň aglabasyndan ekologiýa taýdan arassalygy bilen baglydyr. Ikinjiden, energiýa serişdesi hökmünde ulanylmaga has amatlydyr we arzandyr, üçünjiden, gazhimiýa senagatynda onuň öwezini tutjak başga çig mal ýokdur. Ondan dürli görnüşli önümleriň örän köpsanlysy öndürilýär. Bu önümleriň köp görnüşleri täze başga önümleriň önümçiliginde peýdalanylýar. Gaz senagaty özbaşdak pudak bolmak bilen, beýleki senagat pudaklarynyň ösüşini üpjün etmekde binýatlyk çeşmedir. Hut şonuň üçin hem dünýäde oňa bolan isleg ýylýyldan ýokarlanýar.
Biziň ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Bu gazy eksport ediji hökmünde hem, gaýtadan işlemekligiň önümçiliginde hem Türkmenistana uly mümkinçilik berýär. Şonuň üçinde tebigy gazyň çykarylyşy barha artýar, önümçiligi ýokarlanýar.
Habar beriş serişdelerinde gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň çaklamalaryna görä, 2024-nji ýylda dünýäde gazyň çykarylyşy 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2,8 göterim artyp, 4,162 trillion kub metre deň bolar. Şunda onuň üçden bir böleginiň Demirgazyk Amerikanyň paýyna, bäşden bir böleginiň GDA ýurtlaryna degişli bolmagyna garaşylýar. ABŞ-da we Kanadada tebigy gazyň çykarylyşy 1,305 trillion kub metre, GDA-da 817 milliard kub metre deň bolar.
2023-nji ýylda dünýäde gazyň çykarylyşy bary-ýogy 0,8 göterim artyp, 4,048 trillion kub metre deň boldy.