744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.10.2026

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan neşir edilýän «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň 2026-njy ýyl üçin 3 (74)-nji sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalar, zähmet üstünlikleri, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri barada makalalary özünde jemleýär.

Neşirde «Türkmenistan — Hytaý» transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) taslamasy, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň täze tapgyry ýaly möhüm ugurlar bilen birlikde, pudak işgärleri üçin döredilýän döwrebap durmuş şertleri barada maglumatlar berilýär. Žurnalyň ylmy makalalarynda nebitgaz känlerini netijeli özleşdirmekde häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylyşy, gidrodinamiki modeller, emeli suwlandyrma usullary, guýularda önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça täze çözgütler, şeýle hem gaz senagatynda poslama garşy gorag ulgamlarynyň ähmiýeti seljerilýär.

Neşirde Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýataklarynyň geohimiki aýratynlyklary, uglewodorodlary gözlemek boýunça ylmy çaklamalar, buraw işlerinde ýerli serişdelerden peýdalanyp taýýarlanan täze tehnologiýalar we olaryň önümçilikde ulanylyşy barada hem maglumatlar ýerleşdirilipdir. Täze sanynda milli mirasy döwrebap usullar arkaly ösdürmek meselesine bagyşlanan makala hem orun alypdyr. Onda türkmen milli nagyşlaryny sanly görnüşe geçirmek we kompýuter grafikasy arkaly dizaýn etmek mümkinçilikleri beýan edilýär.

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň bu sany pudak hünärmenleri, alymlar we ýaş gözlegçiler üçin möhüm ylmy-amaly maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.