744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.10.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde uçurymlaryň diplomlaryna goşundylary awtomatiki taýýarlamak üçin kompýuter programma üpjünçiligini işläp taýýarlanyldy. Programma ýokary hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, okuw işlerini we resminama dolanyşygyny sanly tehnologiýalaryň esasynda awtomatlaşdyrmak, şeýle hem administratiw işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde tehniki ylymlaryň kandidaty M. Çüriýewiň ýolbaşçylygynda uniwersitetiň mugallymlary we hünärmenleri tarapyndan döredildi.

Programmanyň esasy maksady — talyplaryň okuw döwründe alan bahalary barada maglumatlary elektron görnüşde kabul edip, bellenilen nusga laýyklykda her bir uçurym üçin aýratyn goşundy taýýarlamakdyr.

Ilki programma uçurymlaryň synaglar, hasaplar, ýyllyk işler, tejribelikler we döwlet synaglary boýunça maglumatlary ýüklenilýär we şol ugur üçin goşundynyň nusgasy saýlanýar. Soňra programma maglumatlary işläp, bellenilen görnüşdäki resminamany Microsoft Word görnüşinde taýýarlaýar.

Programma ilkinji gezek 2025/2026-njy okuw ýylynyň ahyrynda uniwersitetiň «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» hem-de «Maglumat howpsuzlygy» taýýarlyk ugurlary boýunça uçurymlarynyň diplom goşundylaryny taýýarlamakda ulanyldy.

Şeýlelik bilen, resminamalary bir işgär elde dolduranda birnäçe güne çekip bilýän iş programmanyň kömegi bilen takmynan 1–2 minutda ýerine ýetirilýär.