Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Malaýziýa-Merkezi Aziýa ýokary bilim forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgäri Berdinazar Haşyrow gatnaşdy. Onuň sözlerine görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti (UTP) bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň aýratyn nusgalyk mysaly bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, iki uniwersitetiň hyzmatdaşlygy çäklerinde geologiýa, nebit-gaz inženerçiligi, himiki tehnologiýalar we energetika boýunça bilelikdäki okuw meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Malaýziýaly professorlar we halkara bilermenler Aşgabada ýygy-ýygydan gelip, türkmen talyplary üçin ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny guraýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň belleýşi ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygy diňe bir talyplar üçin okuw maksatnamalaryny däl, eýsem ykdysadyýetiň strategiki pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy hem öz içine alýar.
Ol şeýle hem Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň berk şertnamalaýyn-hukuk binýadyna daýanýandygyny ýatlatdy. Onuň esasyny ýokary derejedäki duşuşyklaryň we bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň çäklerinde baglaşylan ylalaşyklar düzýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen dünýä reýtinglerinde ýokary orunlary eýeleýän Malaýziýanyň uniwersitetleriniň, şol sanda Universiti Malaya we Universiti Tenaga Nasional ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki hereketlilik we tejribe alyşmak barada şertnamalar baglaşyldy.
Mundan başga-da, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Malaýziýanyň abraýly ylmy merkezleri we CRUX ýaly barlag institutlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigi habar berildi. Häzirki wagtda taraplar marketing, logistika, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk we emeli aň ugurlary boýunça okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýarlar.
Forumyň esasy maksady hökmünde Malaýziýanyň ýokary bilim ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary bilim ulgamlary bilen uýgunlaşdyrmak, taraplaryň arasynda ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyrmak görkezildi.