744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
05.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Häzirki wagtda Täjigistan Respublikasy öz halkara abraýyny ynamly pugtalandyrýar, giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Bu işlerde Siziň baý döwlet tejribäňiz, parasatly ýolbaşçylygyňyz, şeýle hem täjik halkynyň durnukly ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalaryňyz aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hatynda nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýlan, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berip, birek-birege ynamyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyna, doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleriň dörediljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we täze üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi