Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuwyny dowam etdirýär. Bu barada uniwersitet habar berdi.
Bellenilişi ýaly, okuw Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» (SDGs Global Leader) maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar we 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder.
Mugallym Sukuba uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde tebigy gazdan wodorod energiýasyny öndürmek, durnukly energetika hem-de ekologiýa ugurlarynda ylmy-barlag işlerini alyp barar, şeýle hem arassa tehnologiýalar boýunça nazary we amaly taýýarlyk geçer. Bu tejribäniň geljekde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga we durnukly energetikany ösdürmäge goşant goşmagyna garaşylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýaşyl energetikany ösdürmäge we wodorod tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022–2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Wodorod energetikasy merkezi» döredilip, bu ugurda ylmy-barlag işleri üstünlikli alnyp barylýar.
Merkezde geçirilen barlaglaryň netijesinde elektroliz arkaly ýaşyl wodorod alyndy, şeýle hem ilkinji gezek plazmohimiki innowasion usul bilen tebigy gazdan arassa wodorod ýangyjyny we tehniki uglerody almaga mümkinçilik berýän zyňyndysyz tehnologiýa işlenip düzüldi. Şeýle-de uniwersitet Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň çäginde wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.