744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
07.10.2026

Balkanabat şäherindäki 15-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň taryhyna, häzirki ösüşlerine we pudak hünärmenleriniň zähmet üstünliklerine bagyşlanan temalaýyn synp sagatlary geçirilýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Sapaklaryň dowamynda mugallymlar okuwçylara nebitçi hünäriniň ähmiýeti, ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki orny, şeýle hem Günbatar Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berýärler. Okuwçylara ýataklarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy, ýokary tehnologiýaly buraw desgalarynyň işi, «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ylmy işläp düzmeleri, gaz gysyjy stansiýalaryň mümkinçilikleri we önümçilikde döredilýän amatly şertler barada maglumat berilýär.

Hünäre ugrukdyryş çäreleriniň çäginde döwlet tarapyndan nebitgaz toplumyna berilýän goldaw hem giňişleýin düşündirilýär. Şeýle duşuşyklar ýaş nesilde Watana bolan buýsanç duýgusyny ösdürmäge, okuwda üstünlik gazanmaga höweslendirmäge we geljekde öz hünär ýoluny Türkmenistanyň nebitgaz pudagy bilen baglamaga ýardam berýär.