Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň Baştutany ir bilen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Türkmenbaşy şäherine tarap ýola düşdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Biraz wagtdan Döwlet Baştutanymyzyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli we dabaraly ýagdaýda garşylanyldy. Garşylamak dabarasyna gatnaşyjylara we köpçülige alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw eden Arkadagly Gahryman Serdarymyz, howa menzilinden göni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna bolan bu gezekki iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şu günlerde geçirilýän çärelere we möhüm duşuşyklara gatnaşmagyna garaşylýar.