“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ynamly we netijeli ýagdaýda geçen duşuşyk agza döwletleriň strategik hyzmatdaşlygy we köptaraplaýyn dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny görkezdi. Mejlisiň netijeleri GDA ýurtlarynyň öz halklarynyň abadançylygynyň bähbidine öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge taýýardyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda Teswirnamalaýyn Çözgüt, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2029-njy ýyly «Ulag arabaglanyşygy ýyly» diýip yglan etmek hakynda Çözgüt, 2027-nji ýylda «Hukuk sowatlylygy ýylyny» geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hakynda Çözgüt, şeýle hem daşary işler ministrlikleriniň arasynda köp derejeli syýasy geňeşmeleriň meýilnamasy baradaky Çözgüt bar.
Duşuşygyň dowamynda GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçiriljek mejlisine taýýarlyk görmek meselelerine aýratyn üns berildi. Daşary işler ministrleri sammitiň gün tertibindäki meseleleri we Liderleriň garamagyna hödürleniljek resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalarda taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýändigini belläp, iri halkara guramalaryň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bilelikdäki senagat we tehnologik taslamalary höweslendirmek, ygtybarly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hamda medeni-bilim alyşmalaryny giňeltmek barada ylalaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi we döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen tarapyna çan ýürekden hoşallyk bildirdiler.