Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy TMT Consulting Group-yň goldawy bilen 2026-njy ýylyň 6-7-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Import önümleriniň 9-njy Hytaý Halkara Sergisiniň (CIIE) çäginde Türkmen-Hytaý işewürler forumyny geçirer. Bu başlangyç Türkmenistanyň we Hytaýyň wekilleriniň arasynda täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylara tematik sessiýalar, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlarynyň tanyşdyrylyşy, işewür duşuşyklar we gepleşikleriň şu aşakdaky görnüşleri hödürlener:
Kimler gatnaşyp biler?
Çärä işewür gatnaşyklary ösdürmäge, hyzmatdaşlary tapmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzykma bildirýän Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň we telekeçiler jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga çagyrylýar.
Şu aşakdaky pudaklaryň wekillerine aýratyn üns berler:
Foruma gatnaşmak üçin nädip arza tabşyrmaly?
Çärä gatnaşmak üçin öňünden hasaba durmak zerurdyr.
Arzalar 20-nji oktýabra çenli kabul edilýär:
Gatnaşmak we hasaba durmak boýunça soraglar üçin:
Tel.: +993 12 75 36 44 / 48; +993 64 04 27 51
E-mail: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm