744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
09.10.2026

Şu ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy hökmünde BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasy çykyş eder. Bu barada forumyň guramaçylary habar berýärler.

Maslahatyň barşynda kompaniýa Türkmenistanyň çäginde deňiz nebitgaz känlerini özleşdirmek we önümçilik infrastrukturasyny ösdürmek boýunça toplan köpýyllyk tejribesini paýlaşar. «Dragon Oil» 2000-nji ýyldan bäri «Çeleken» şertnamalaýyn meýdançasynda işjeň zähmet çekip, Jeýtun we Jygalybeg känlerinde döwrebap infrastrukturany gurdy hem-de geologiýa-gözleg barlaglaryny üstünlikli dowam etdirýär.

Kompaniýanyň ýurtdaky işinde wigratly ädimleriň biri hem «Çeleken» zolagy boýunça önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň мöhletiniň 2035-nji ýyla çenli uzaldylmagy boldy. Bu ylalaşyk geljek ýyllarda nebitgaz çykarmak, gözleg işlerini geçirmek we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak üçin berkem binýat döredýär.

Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum mümkinçilikleri, seýsmiki barlaglar, burawlama hem-de deňiz logistikasy OGT 2026 forumynyň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Bu iri halkara çäresi «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Energiýa Forumy» HJ bilen hyzmatdaşlykda guralýar.