744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.10.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji oktýabrda geçiren Hökümetiň nobatdaky mejlisinde milli ýangyç-energetika ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň iş netijeleri hem-de bu düzümiň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan çäreler barada giňişleýin hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gaz senagatynyň kuwwatyny artdyrmak we ulgama döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu ugrundaky hyzmatlaryň we önümçilik mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy tebigy gazy içerki hem-de daşarky sarp edijilere bökdençsiz we durnukly akymda ýetirmäge doly şert döredýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn çemeleşilýändigi bellenildi.

Hünärmenleriň we ulgamyň öňünde duran wezipeleri nazara alyp, wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny fiziki we tehniki taýdan pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli resminamanyň taslamasyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli nebitgaz pudagyny kämilleşdirmegiň strategik ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, öňde durýan meýilnamalary ýokary hilde amala aşyrmak we göz öňünde tutulan işleri wagtynda berjaý etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edilen Karar «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik we tehniki kuwwatyny düýpli täzelemäge we pudagyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga täze itergi berer.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi