744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.10.2026

Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy dabaraly bellenildi. Esasy çäreler Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçirilip, ol ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we alabaýyň keşbini şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynda iň gowy çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen ada aşgabatly hususy itşynas A.Bakeýewiň eýeçiligindäki Akgaýa lakamly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Dabaralara Hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, pudak dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, degişli ugurlar boýunça hünärmenler we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sungat ussatlary we döredijilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler, myhmanlara milli naz-nygmatlar hödürlenildi.

Toplumyň açyk manežine ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň oňat on alabaý çykaryldy. Finalçylaryň hersi belli bir tohum ugruny görkezýärdi. Eminler toparyna we tomaşaçylara itleriň lakamlary, ýaşy, nesil ugry we eýeleri barada maglumatlar yglan edildi. Alabaýlar eýeleriniň öwreden endiklerini görkezdiler. Päsgelçilikli ýoly geçmekde tizlik we takyklyk bahalandyryldy, kinologyň ussatlygy bolsa iti dogry ugrukdyryp bilmeginde ýüze çykdy. Bäsleşik milli itşynaslygy ösdürmäge we tohumyň arassalygyny saklamaga gönükdirildi.

Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew ýygnananlaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa itşynaslyk sungatyny ösdürmekde we alabaýlary dünýäde wagyz etmekde alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagynyň açarlary, şeýle hem ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. A.Bakeýew gymmatly sowgat we tohumyň arassalygyny saklamak üçin döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize minnetdarlyk bildirdi.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri:
— «haly» bölüminde — «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň suratkeşi A.Gulberdiýew «Türkmen alabaýy» atly işi bilen;
— «nakgaşçylyk» bölüminde — Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň «Teatr-bezeg nakgaşçylygy» hünäriniň 4-nji ýyl talyby S.Osmanow «Miras» atly işi bilen;
— «heýkeltaraşlyk» bölüminde — şol fakultetiň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby B.Batyrowa «Alabaýyň waspy» atly işi bilen;
— «çap önümleri» bölüminde — şol akademiýanyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Y.Ýaýlimow;
— «teleoperatorlyk işi» bölüminde — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynyň öwreniji mugallymy N.Orazgeldiýew «Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinolog hünärmenleriniň taýýarlanylyşy» atly işi bilen.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan şahadatnamalar we baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Toplumyň açyk manežine alyp barýan ýoluň ugrunda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň sergisi gurnaldy. Onda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň we muzeý işgärleriniň işleri, şeýle hem türkmen alabaýyna bagyşlanan fotosuratlar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda geçirildi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi