744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
26.10.2026

21-23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahaty we sergisi geçirildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti oňa öz sergi pawiliony bilen işjeň gatnaşdy. Bu barada uniwersitetiň web sahypasy habar berýär.

Uniwersitetiň pawilionynda professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijesinde taýýarlanan innowasion işläp taýýarlamalar, tehniki çözgütler we maketler görkezildi. Serginiň dowamynda myhmanlar uniwersitetiň ylmy mümkinçilikleri we nebitgaz pudagy üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Halkara ylmy maslahata uniwersitetiň professor-mugallymlary hem gatnaşyp, nebitgaz pudagynda täze tehnologiýalary ulanmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalara goşant goşdular.