744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
02.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 31-nji oktýabrda geçirilen söwdalarda umumy bahasy 1 million 489 müň 740 ABŞ dollaryna deň bolan 7 eksport geleşigi baglaşyldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen söwdalaryň esasy bölegi «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleriniň eksportyna gönükdirildi.

Birža söwdalarynyň netijesinde Owganystanyň, Bolgariýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlary «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada şertnamalara gol çekdiler. Bu geleşikler türkmen energetika önümlerine halkara bazarlarda dowamly islegiň bardygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Şol bir wagtyň özünde Türkiýäniň telekeçileri ýerli öndürijilerden pagta süýümini satyn almak barada ylalaşyga geldiler. Şeýle hem Azerbaýjanyň işewür toparlary türkmen nah ýüplügini satyn almak boýunça eksport geleşiklerini baglaşdylar.

Geçirilen söwdalaryň jemleri Türkmenistanyň eksport kuwwatynyň artýandygyny hem-de milli önümleriň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklaýar. Birža arkaly amala aşyrylýan geleşikler ýurduň daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.