744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.11.2026

Häzirki döwürde senagat üçin möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatly çig mallaryň hatarynda ýod we brom aýratyn orun eýeleýär. Bu gymmatly elementleriň tebigy çeşmeleriniň biri hökmünde Günbatar Türkmenistan çöketliginiň nebitgaz ýataklarynyň gatlak suwlary çykyş edýär. Geologik we gidrogeologik barlaglaryň netijeleri bu suwlaryň düzüminde ýod we bromuň senagat taýdan peýdalanmak üçin ýeterlik derejede bardygyny görkezýär. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Hünärmenleriň ylmy gözegçiliklerine görä, ýerasty suwlaryň düzümindäki ýoduň mukdary şol suwlarda bar bolan organiki maddalaryň umumy möçberi bilen ýakyn baglanyşyklydyr. Tebigy gelip çykyşly bu element janly organizmleriň düzüminde hem duş gelýär. Ýoduň esasy bölegi dünýä okeanlarynyň, deňizleriň we ýokary duzly kölleriň suwlarynda saklanýar. Şeýle hem ol deňiz ösümlikleriniň düzüminde köp mukdarda bolýar.

Ýod bilen bir hatarda, tebigy suwlaryň düzüminde brom hem giňden ýaýrandyr. Bu elementiň mukdary, esasan, ýerasty suwlaryň minerallaşma derejesine bagly bolup durýar. Suwuň duzlulygy näçe ýokary bolsa, ondaky bromuň konsentrasiýasy hem şonça artýar. Alymlaryň bellemegine görä, bromuň ýokary derejeli toplumy köplenç uly çuňluklarda, ýerasty suwlaryň hereketi pes bolan zolaklarda emele gelýär.

Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň gatlak suwlarynyň himiki düzümini öwrenmek boýunça geçirilen barlaglar netijesinde ýod-brom serişdeleriniň baý mümkinçilikleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, Apşeron çökündiler toplumynyň gatlak suwlarynda ýoduň mukdary 15–50 mg/l aralygynda bolýar. Bromuň mukdarynyň bolsa suwlaryň himiki görnüşine we minerallaşma derejesine baglylykda üýtgeýändigi anyklanyldy. Ýokary şerebeli hlor-kalsiý görnüşli suwlarda bromuň has ýokary görkezijileri bellenilýär.

Akçagyl çökündiler toplumynyň ýerasty suwlarynda hem ýod we brom serişdeleri boýunça giňişleýin barlaglar geçirildi. Dagajyk, Goturdepe, Barsagelmez, Gumdag, Guýjuk, Boýadag, Ekerem, Keýmir we Ajyýap meýdançalarynyň gatlak suwlarynda ýoduň mukdary 19–46 mg/l, bromuň mukdary bolsa 33–794 mg/l aralygynda kesgitlenildi.

Ýokary we aşaky gyzylreňkli çökündiler toplumlarynyň gidrogeologik aýratynlyklary, suwlaryň himiki düzümi we mikroelementleri hem giňişleýin öwrenildi. Bu barlaglar ýod we bromuň geljekde himiýa senagatynda gymmatly çig mal hökmünde peýdalanylmagy üçin zerur ylmy esaslaryň bardygyny görkezýär.

Häzirki wagtda Günbatar Türkmenistan çöketliginiň çägindäki birnäçe ýod-brom himiýa kärhanalarynda gatlak suwlarynyň düzüminden bu elementleri almak boýunça amaly işler alnyp barylýar. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikler sebitiň himiýa senagatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar.

Geçirilen ylmy barlaglaryň netijelerine esaslanyp, Günbatar Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynyň gatlak suwlaryny ýodly we bromly tebigy serişdeleriň hataryna goşmak bolýar. Bu suwlar ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde geljegi uly bolan möhüm çig mal çeşmeleriniň biri hökmünde çykyş edýär.