744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
10.11.2026

Türkmenistanyň gaz senagatynyň ylmy-tehniki binýadyny ösdürmek, tebigy baýlyklary netijeli özleşdirmek we pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmybarlag tebigy gaz institutynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki zaman enjamlary, ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligi we ylmy-barlag mümkinçilikleri bilen üpjün edilen institut ýurdumyzyň gaz pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegine uly goşant goşýar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Institutda döwrebap kompýuter tehnikalary, barlaghana enjamlary, lokal dolandyryş ulgamy we ýokary tizlikli internet mümkinçilikleri döredilip, häzirki zaman ylmy-barlag usullaryny ulanmak üçin zerur şertler üpjün edildi. Hususan-da, «Schlumberger» kompaniýasynyň «Petrel & Eclips» hem-de «GeoFrame» lisenziýaly programma toplumlary esasynda hünärmenler üçin ýörite okuwlar geçirilip, gaz ýataklarynyň sanly üç ölçegli geologiýa-geofiziki modellerini döretmek boýunça hünär mümkinçilikleri kämilleşdirildi.

Ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýurdumyzyň iri gaz ýataklarynyň hatarynda durýan «Galkynyş» we «Ýaşlar» ýataklarynyň üç ölçegli sanly geologiýa-geofiziki modelleri işlenip taýýarlanyldy. Bu modeller seýsmiki 2D/3D maglumatlarynyň, guýularyň geofiziki barlaglarynyň we beýleki geologik maglumatlaryň toplumlaýyn seljermesi esasynda döredildi.

Geçirilen ylmy işleriň netijeleri «Gaffney, Cline & Associates» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň «Galkynyş» we «Ýaşlar» ýataklarynyň gorlaryna geçirilen garaşsyz auditinde peýdalanyldy. Şeýle hem bu maglumatlaryň esasynda «Galkynyş» gaz ýatagynyň synag-senagat taýdan özleşdirilmegi boýunça degişli taslama taýýarlanyldy.